Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Ybram Rebbe iman etdi we Reb ony dogry hasaplady. Eý, biziň Hudaýymyz, Sen bu ýurduň ilatyny Öz halkyň Ysraýylyň öňünden kowup çykaryp, ýurdy dostuň Ybraýymyň nesillerine ebedilik berdiň. Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri, Çünki Mukaddes Ýazgyda: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýip ýazylgydyr. Eýsem bu bagtyýarlyk diňe sünnetlilere degişlimidir? Ýa-da sünnetsizlere hem degişlimikä? Ozal aýdyşymyz ýaly, Hudaý Ybraýymyň imany üçin ony dogry hasaplady. Ine, şeýle imany üçin Hudaý «ony dogry hasaplady». Geliň, Ybraýymy ýada salalyň: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady».
Выбор основного перевода