Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň». Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň. Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň. Şoňa görä-de, imanyňyzda has hem berkemäge jan ediň. Şeýdip, imanyňyzda ahlak päkligini, ahlak päkliginde bilimi, bilimde özerkliligi, özerklilikde çydamlylygy, çydamlylykda hudaýhonlygy, hudaýhonlykda mähribanlygy, mähribanlykda Hudaýyň söýgüsini artdyrmaga dyrjaşyň. Şu gowy häsiýetler sizde bar bolsa we köpelse, onda siz Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem hasylsyz galmarsyňyz. Kimde bu häsiýetler ýok bolsa, ol uzagy görýän däldir, hatda kördür, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr. Şonuň üçin hem, eý, doganlar, Hudaý tarapyndan çagyrylanlaryň we saýlananlaryň arasyndadygyňyzy subut etmäge yhlas ediň. Şeýle etseňiz, asla imandan dänmersiňiz. Çünki Mukaddes Ýazgyda: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýip ýazylgydyr. Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy.
Выбор основного перевода