Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
«Şalaryň şasy Artakserksden Gögüň Hudaýynyň kanunlaryny ýazýan Ezra ruhana dogaýy salam! Men ýurdumdaky ysraýyl halkyndan ýa olaryň ruhanylaryndan, ýa-da lewilerden öz meýli bilen Iýerusalime gitmek isleýän her bir adama rugsat berilsin diýip buýurýaryn. Sen patyşa we onuň ýedi geňeşçisi tarapyndan Ýahudada we Iýerusalimde eliňdäki Hudaýyň kanunynyň nähili ýerine ýetirilýändigini barlamak üçin, patyşa we onuň geňeşçileriniň Iýerusalimde mesgen tutýan Ysraýyl Hudaýyna meýletin beren altyndyr kümşüni äkitmek üçin, bütin Babyl welaýatyndan tapjak altyndyr kümşüňi we öz Hudaýlarynyň Iýerusalimdäki öýi üçin ruhanylaryň, halkyň beren meýletin sadakalaryny alyp gitmek üçin iberilýärsiň. Bu pullar seresaplylyk bilen ulanylyp, oňa öküzler, goçlardyr guzular, galla we içgi sadakalary satyn alnyp, olar Hudaýyňyzyň Iýerusalimdäki öýüniň gurbanlyk sypasynda sadaka berilsin. Galan altyndyr kümşi öz doganlaryň bilen Hudaýyňyzyň islegine görä, näme göwnüňize jaý bolsa, şoňa ulanyp bilersiňiz. Hudaýyň öýüniň hyzmaty üçin özüňe berlen gap-gaçlary hem Iýerusalimde mesgen tutýan Hudaýyňyň huzuryna eltip goý. Öz Hudaýyňyň öýi üçin ýene-de zat gerek bolsa, şanyň hazynasyndan alyp bilersiň. Men patyşa Artakserks, Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ähli hazynadarlara buýruk berýärin! Gögüň Hudaýynyň kanunyny ýazýan Ezra ruhana näme gerek bolsa, ony dessine berjaý ediň. Ýüz ýetmiş batmana çenli kümüş, ýedi ýüz elli batmana çenli bugdaý, otuz meşik şerap, otuz hum ýag hem-de hasapsyz duz berilsin. Patyşanyň we onuň ogullarynyň başyna gazap inmez ýaly, Gögüň Hudaýy tarapyndan Hudaýyň öýi barada näme tabşyryk berilse, ol doly berjaý edilsin. Şeýle hem, size aýan edýäris: ruhanylardyr lewileriň, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlaryň we hyzmatkärleriň, şeýle hem Hudaýyň bu öýüniň beýleki hyzmatkärleriniň hiç birinden salgyt, paç, töleg alynmasyn. Sen bolsa, Ezra, Hudaýyň saňa beren pähim-paýhasyna görä, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda, seniň Hudaýyňyň kanunlaryny bilýän bütin halka hökümini ýöredip biljek kazylary, häkimleri belle. Kanuny bilmeýänlerine-de sen öwret. Kim seniň Hudaýyňyň kanunydyr patyşanyň kanunyna boýun egmese, oňa berk temmi berilsin. Ol ölüme höküm edilsin ýa-da sürgün edilsin, onuň emlägi elinden alynsyn ýa-da ol zyndana taşlansyn!»
Выбор основного перевода