Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Olaryň eline bir müň bir ýüz batman kümüş, bir ýüz ýetmiş batmana laýyk kümüş okaralar, bir ýüz ýetmiş batman altyn, ýigrimi gadaga laýyk ýigrimi sany altyn okara, altyn ýaly gymmat, lowurdap duran bürünçden edilen iki sany gap--gajy ölçäp berdim. Şeýdip, ruhanylardyr lewiler altyndyr kümşi we Hudaýymyzyň Iýerusalimdäki öýüne äkidilmek üçin ölçelip berlen gap-gaçlary kabul edip aldylar. Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi. Barukdan soň Elýaşybyň öýüniň gapysyndan tä öýüň gutarýan ýerine çenli aralykdaky diwary Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Lewileriň baştutanlaryndan bolan, Hudaýyň öýüniň daşarky işlerine seredýän Şabetaý we Ýozabat.
Выбор основного перевода