Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Goý, olar ýaşabersinler» diýdiler. Şeýlelikde, jemagat baştutanlarynyň eden teklibi boýunça olar ähli halk üçin odun çapýançy we suw daşaýançy boldular. Şeýlelikde, Ýeşuwa hut şol günüň özünde jemagat üçin we Rebbiň Özüniň saýlan ýerindäki gurbanlyk sypasy üçin olary odun çapýançy we suw daşaýançy edip belledi. Olar bu günki gün hem şeýle işleri edýärler. Käbir ysraýyllar ilkinji bolup, galalardaky öz mülklerine ruhanylar, lewiler hem-de ybadathana hyzmatkärleri bilen dolanyp geldiler. Ybadathana hyzmatkärleri: Sihanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, Artakserks patyşanyň patyşalygynyň ýedinji ýylynda ysraýyl halkynyň bir bölegi, birnäçe ruhanylardyr lewiler, ybadathana aýdymçylarydyr derwezebanlary we hyzmatkärleri Iýerusalime gaýtdylar. Galan halk, ruhanylar, lewiler, ybadathana derwezebanlary, aýdymçylary, hyzmatkärleri we Hudaýyň kanunyna uýmak üçin özlerini ýerli halklardan bölüp aýranlaryň hemmesi – olaryň aýallary, ogul-gyzlary, kanuna düşünip bilýänleriň bary öz garyndaşlary we olaryň begleri bilen birleşdiler. Olar Hudaýyň guly Musanyň üsti bilen berlen kanuna görä ýaşamaga, Hökmürowan Rebbimiziň ähli tabşyryklaryny, hökümlerini, parzlaryny saklap, olary berjaý etmäge ant içdiler, ýerine ýetirmeýänleri bolsa näletlediler.
Выбор основного перевода