Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10
Параллельные места
Ruhanylar özlerini Hudaýa bagyş etsinler we Hudaýyň adyna ysnat getirmesinler. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasyny hödürleýän şolardyr. Ruhanylar mukaddes bolmalydyrlar. Olar lola, azgyn aýala, ärinden aýrylan aýala öýlenmesinler. Çünki ruhanylar Hudaýa bagyş edilendir. Siz ruhanylary mukaddes saýyň, çünki Hudaýyňyza iýmit sadakasyny olar hödürleýärler. Halk hem olary mukaddes saýsyn, sebäbi sizi mukaddes edýän Men – Reb mukaddesdirin. «Haruna we onuň ogullaryna aýt: „Harun we onuň ogullary ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna seresaply çemeleşsinler. Olar Meniň mukaddes adyma ysnat getirmesinler. Men Rebdirin“. Olara şeýle diý: „Eger siziň geljekki nesilleriňizden, tohum-tijiňizden biri, ysraýyl halkynyň Maňa bagyş eden mukaddes sadakalaryna haramlykda ýakynlaşsa, ol Meniň huzurymdan ýok edilsin. Hudaýyňyz Reb Mendirin. Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!
Выбор основного перевода