Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar. Araňyzda üzüm bagyny oturdyp, entek onuň miwesinden datmadyk adam bar bolsa, goý, ol öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, üzümiň ilkinji miwesini başga biri iýip hezil eder. Araňyzda boý gyza adaglanyp, entek oňa öýlenmedik bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, ol gyza başga biriniň öýlenmegi mümkin“. Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler. Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar, hudaýsyzyň umydy öler. Bil baglaýany berk däldir, daýanýany möýüň kerebi kimindir. Öýüne söýenýär, ýöne ol ýykylar, oňa berk ýapyşýar, ýöne ol çagşar. Hudaýsyzlar güneşde gülleýän ösümlik kimin, olaryň şahalary tutuş baga ýaýraýar. Kökleri daş üýşmekleriniň daşyna oralyp, daşlaryň arasynda ýatýandyr. Eger ýerlerinden goparylsa, ýer inkär edip: „Seni görmedim“ diýer. Şady-horramlygy uzaga çekýän däldir olaryň, olaryň ýerini başgalar tutarlar. Erbet iş edýänlere janyňy ýakma, naýynsaplara höwesli bakma. Çünki olar tiz wagtda ot kimin gurar, gök ösümlik kimin saralyp solar. Rebbe bil bagla, et sen ýagşylyk, ýurtda ýaşap, ýaýna asudalykda. Rebden teselli tap, ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl eder. Ýoluňy Rebbe tabşyr, Oňa bil bagla, şonda Ol saňa hemaýat berer. Nur deý ýalpyldadar dogrulygyňy, günorta çagy deý – haklylygyňy. Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek. Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär?
Выбор основного перевода