Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
goňşusynyň emlägine el urmandygy hakda ikisiniň arasynda Rebbiň adyndan ant içilsin. Amanat beren mal eýesi muny kabul etsin we oňa jerime tölemek gerek däl. Şimginiň Iýerusalimden Gata gidendigini we ýene yzyna dolanyp gelendigi baradaky habary Süleýmana ýetirenlerinde, patyşa adam iberip, Şimgini çagyrtdy we oňa: «Men saňa Rebden ant içirip: „Bilip goý, başyňa näme düşse-de, şol ýerden başga ýere giden günüňiň özünde, sen hökman ölersiň diýip duýdurmanmydym näme?“. Sen hem maňa: „Seniň aýdýanlaryň bary dogry. Men saňa gulak asaryn“ diýipdiň. Onda näme üçin Rebbe içen antyňy, meniň saňa beren tabşyrygymy berjaý etmänsiň?» Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme. Ol eden ähtini bozdy, içen antyna biperwaý garady; ol söz beren hem bolsa, bu işleri etdi; indi ol gutulmaz“».
Выбор основного перевода