Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Kserks patyşa şa aýaly Esterden: «Beýle iş etmäge ýürek eden adam kim? Ol nirede?» diýip sorady. Indi Hudaý gaharyna jeza bermeýär, günä gaty üns bermeýär diýip, Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma Men saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn. Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar. Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar. Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener. Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer. Şol gün halkynyň aman galanlaryna şöhrat täji, gözellik jygasy bolar Hökmürowan Reb. Höküm kürsüsinde oturýana adalatlyk ruhy, derwezede duşmana zarba urýana medet bolar. Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, çakyr zerarly entirekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, çakyr zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler. Ähli saçaklary gusukdan doly, arassa ýer ýokdur asla. «Olar bilimi kime öwredýärler? Habary kime düşündirýärler? Süýtden kesilenleremi? Emjekden aýrylanlaramy? Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde». Indi bu halka keseki agzy bilen geplär Reb düşnüksiz dilde sözlär. Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler. Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutulary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar. Munuň üçin eý, masgaralaýjylar, Iýerusalimdäki bu halka hökümdarlyk edýän siz, Rebbiň sözüni eşidiň! Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez. Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany. Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz. Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar. Üstünde uzalardan gysga bolar düşek, örtünmäge insiz bolar ýorgan. Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner. Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi barada karara gelendigini Gudratygüýçli–Hökmürowan Rebden eşitdim. Gulak goýuň, sesimi eşidiň, üns beriň, sözümi diňläň. Sürümçiler ekin ekmek üçin dynuwsyz ýer sürýärlermi? Ýeri keşläp, malalap gezýärlermi? Ýeri tekizlänlerinden soň, künji, zire sepmeýärlermi? Bugdaýy hatarlaýyn, arpany öz ýerinde, ýazlyk bugdaýy-da öz ýerinde ekmeýärlermi? Hudaýy olara görkezme berer, öwreder. Künji döwek bilen döwülmez, tigir ýöredilmez ziräniň üstünden, künji tokmak bilen, zire-de taýak bilen döwülýär. Bugdaý çörek üçin üwelýär, emma ol ebedilik döwülmez, üstünden arabadyr atlar aýlansa-da, bugdaý üwelmez. Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir. Onsoň Reb maňa: «Dogry gördüň, çünki Men her bir sözümiň amala aşmagyna gözegçilik edýärin» diýdi. Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi? Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler. Käbirleri Reb Öz beren wadasyny berjaý etmegi gijikdirýär diýip hasap etseler-de, Ol gijikdirmez. Reb siziň üçin sabyr edýändir, sebäbi Ol hiç kimiň heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär.
Выбор основного перевода