Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar? Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm. Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar. Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar. Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär. Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup- -daşýar ýüregi. Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar. Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar. Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar. Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?» Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar. Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn, günä etmekden saklanypdyryn. Çünki uzakly gün kynçylyga sezewar boldum, her säherde men ejir çekdim. Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar. Öte dogry bolma, öte akyldarlyk etme. Näme üçin özüňi heläk etjek? Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar». Bize myjabat ýöňkänlerinde, mylaýymlyk bilen jogap berýäris. Biz şu pursada çenli ýer ýüzüniň çöp-çöri, dünýäniň zir-zibili kimin bolandyrys. Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de – biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris.
Выбор основного перевода