Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Goý, dogry ynsan meni ursun, bu ýagşylykdyr, goý, maňa ol käýesin, bu başyma ýakymly ýag kimindir, meniň başym ony, goý, ret etmesin. Dogrudan-da, erbetleriň işlerine garşy dileg edýärin. Öwüt-nesihaty ret eden garyplyk hem biabraýlyk alar, käýinji kabul edene hormat. Ýaşaýyş öwüdini diňleýän gulak parasatlylar arasynda mesgen tutar. Öwüt-nesihaty tutmaýan öz janyny ýigrenýändir, öwüdi diňleýän bolsa düşünje gazanýar. Açyk käýinç ýaşyryn söýgüden gowudyr. Dostuň salan ýarasy wepalylykdandyr, ýöne duşmanyň posalary köpdür. Dili bilen ýaranjaňlyk edýänden, birine käýeýän köp göwün awlar.
Выбор основного перевода