Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar. Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar. Günüň astynda men ýene bir danalygy gördüm, meniňçe ol juda wajyp. Az ilatly bir kiçi şäher bardy. Bir güýçli patyşa oňa hüjüm edip, ony gabady; garşysyna äpet gabaw desgalaryny gurdurdy. Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady. Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär. Akyllynyň imisalalykda aýdan sözleri, akylsyzlaryň arasyndaky hökümdaryň gykylygyndan gowudyr. Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.
Выбор основного перевода