Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Näme üçin pisler ýaşaýarlar, gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar? Çünki tekepbirlere göriplik etdim: olar erbetlik edýän-de bolsa, abadan durmuşlarynyň bardygyny gördüm. Çünki olar jebir çekmeýäne meňzeýär, olaryň sagdyn, semiz bedenleri bar. Olar beýlekiler ýaly azap çekmeýär, beýlekiler ýaly kynçylyga duçar bolmaýar. Şoňa görä tekepbirlikleri boýunlaryny monjuk kimin bezeýär, zulum olary eginbaş kimin büreýär. Ýagdan ýaňa gabarýar olaryň gözi, göwün hyýallaryndan dolup- -daşýar ýüregi. Olar ýaňsylaýar, betpäl gürleýär, gopbamsyrap, zulum bilen gorkuzýar. Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar. Şonuň üçin Hudaý halky şolara tarap öwrülýär, olaryň gepine gulak gabardýar. Tekepbirler diýýär: «Hudaý biläýermikä? Beýik Hudaý mundan habarlymyka?» Ine, tekepbirler şeýle gürleýär; olar elmydama gaýgysyz-gamsyz, öz baýlygyny artdyrýandyrlar. Men biderek ýere kalbymy päk saklapdyryn, günä etmekden saklanypdyryn. Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler? Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar. Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir. Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin.
Выбор основного перевода