Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
ýer ýüzünde heniz gyrymsy agaç ýokdy, gök ot hem bitmändi, çünki Hudaýymyz Reb ýere ýagyş ýagdyrmandy we ýeri bejermek üçin entek hiç kimi ýaratmandy, emma ýeriň astyndan çykan suw tutuş topragy suwarardy. Adam: «Miwäni Seniň maňa beren aýalyň alyp berdi. Men hem iýdim» diýdi. Hudaý bilen ähtini unudandan, başdaşyndan aýrylyşan aýaldan, dili süýji keseki zenandan danalyk seni halas eder. Hudaý bilen ähtini unudandan, başdaşyndan aýrylyşan aýaldan, dili süýji keseki zenandan danalyk seni halas eder. Çünki şeýle zenanyň öýi ölüme eltýär, ýollary zeminiň teýine barýar. Onuň ýanyna giren yzyna dolanyp bilmez, gaýdyp ýaşaýyş ýoluna ýetmez. Şonuň üçin ýagşy iş edýäniň ýolundan ýöre, dogruçyllaryň ýoluny tut. Çünki ýurtda dogruçyllar mekan tutarlar, sadyklar şol ýerde galarlar. Ýöne erbetlik edýänler ir ölerler, haýynlar köki bilen gyrlarlar. Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr, sözleri ýagdan ýumşakdyr. Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr, ikiýüzli gylyç ýaly ýitidir. Awçydan gaçan jeren kimin, guşbazyň elinden sypan guş kimin özüňi gutar. ony kümüş ýaly gözleseň, hazyna dek agtarsaň, şonda Rebden gorkmaklyga akyl ýetirip, Hudaýy tanamagy başararsyň. Azgyn aýalyň agzy düýpsüz gorpdur, Rebbiň gazabyna duşan oňa ýykylar. Güýjüňi hem ýollaryňy patyşalary heläkleýän aýallara berme. Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim. Ine, Wagyzçy şeýle diýýär: «Soraglarymyň jogabyny tapmak üçin bir-birden sanap çykdym;
Выбор основного перевода