Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men Danyýel ol görnüşi ýeke özüm gördüm. Meniň ýanymdakylar muny görmediler, gaýtam olary elhenç gorky gaplap aldy, olar gizlenmek üçin gaçyp gitdiler. Meniň ýanymdakylar şöhläni görüp gorkdular, emma meniň bilen gepleşen sese düşünmediler. Eý, şahym, günortanlar ýolda barýarkam, birdenkä asmanda günden hem ýagty nur gördüm. Nur meniň we ýoldaşlarymyň daş-töweregine ýalkym saçdy. Hemmämiz ýere ýykyldyk. Bir sesiň maňa arameý dilinde: „Şawul, Şawul! Näme üçin Meni yzarlap, azar berýärsiň? Tekepbirligiň bilen özüňe zeper ýetirmäňi bes et“ diýenini eşitdim.
Выбор основного перевода