Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady. Bular Rebbe ybadat edip, agyz bekleýärkäler, Mukaddes Ruh: «Barnap bilen Şawuly Maňa bagyş ediň, goý, olar Meniň tabşyran işimi berjaý etsinler» diýdi. Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris. Müňbaşy Pawlusa rugsat berende, ol basgançagyň üstünde durup, halka ýuwaş bolmagy eli bilen yşarat etdi. Adamlar ümsüm bolansoň, Pawlus olara arameý dilinde ýüzlenip, söze başlady: Agrip Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Festus hem: «Ony ertir diňlärsiň» diýdi. Ertesi gün Agrip we Bernik dabaraly ýagdaýda gelip, müňbaşylardyr şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde mejlisler otagyna girdiler. Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler. Agrip Pawlusa: «Özüňi goramak üçin, söze başlap bilersiň» diýdi. Ine, şonda Pawlus ellerini hereketlendirip, özüni goramaga durdy: Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi. Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim Emma Hudaý merhemet edip, meni eneden dogulmankam saýlap çagyrdy. Ol Hoş Habary keseki milletlere wagyz etmegim üçin, maňa Öz Ogluny aýan etmegi makul bildi. Şonda men hiç kime geňeşmedim Ýygnagyň ýolbaşçylary Hoş Habary ýahudylara wagyz etmekligiň Petrusa berlişi ýaly, maňa-da ýahudy dällere wagyz etmekligiň berlendigini gördüler. Olar ýahudylara resullyk etmäge Petrusy bellän Hudaýyň meni-de ýahudy dällere resullyk etmäge belländigine, Men Hudaýyň beýik gudraty we peşgeş beren merhemeti arkaly Hoş Habaryň hyzmatçysy boldum. Men Hudaýyň halkynyň arasynda iň ähmiýetsizidim, emma muňa garamazdan Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny ýahudy dällere wagyz etmek jogapkärçiligini Hudaý maňa berdi. Kazyýet mejlisinde özümi ilkinji gezek aklamakçy bolanymda, tarapymy tutan bolmady. Gaýtam, hemmeler meni terk etdiler. Goý, Hudaý olaryň bu günäsini bagyşlasyn. Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.
Выбор основного перевода