Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dadyp görüň Reb ýagşylygyny, Ony pena edinýän nähili bagtly! Men Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen boljak başga bir Hemaýatçy, Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi. Stefanyň öldürilmegini Şawul hem oňlady. Şol günden soň Iýerusalimdäki ýygnagy yzgytsyz yzarlamaga başladylar. Resullardan başga hemmeler Ýahudyýa we Samariýa sebitlerine dargadylar. Resullar we ýahudyýaly doganlar keseki milletleriň-de Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendiklerini eşitdiler. Petrus Iýerusalime gelende, ýahudy imanlylar onuň bilen dawalaşyp: «Sen sünnetsiz adamlaryňka myhman bolupsyň, olar bilen bile naharlanypsyň» diýdiler. Şonda Petrus başyndan geçen wakany jikme-jik gürrüň bermäge başlady: «Ýafo şäherinde Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men ýanyma uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan asylyp, gökden ýere inenini gördüm. Onuň içine dykgat bilen seredip synlanymda, öý haýwanlaryndan başlap, ýabany hem süýreniji haýwanlardyr guşlary gördüm. Soňra bir sesiň maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!“ diýenini eşitdim. Men: „Ýok, ýa Reb, asla beýtmerin! Men hiç haçan haram zatlary agzyma degren däldirin“ diýdim. Emma gökden gelen ses ikinji gezek maňa: „Hudaýyň halal diýen zatlaryna haram diýmegin!“ diýdi. Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokary göge alyndy. Ine, şol wagt Kaýsariýadan iberilen üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk. Ol adam hem bize öýünde özüne görnen perişde barada gürrüň berdi. Perişde oňa: „Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir. Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi. Şonda Rebbimiz Isanyň: „Ýahýa suwa çümdürdi, emma siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz“ diýen sözi ýadyma düşdi. Şeýlelikde, Rebbimiz Isa Mesihe iman edenimizde, Hudaý bize beren peşgeşini olara hem beren bolsa, Hudaýa garşy durar ýaly, men kim bolupdyryn?» Doganlar bu sözleri eşidenlerinden soňra köşeşdiler. Hudaýy şöhratlandyryp: «Hudaý hatda keseki milletlere-de toba edip, baky ýaşaýşa gowuşmaklygy beripdir» diýişdiler. Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler. Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler. Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler. Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar. Barnap gelende, Hudaýyň merhemetiniň subutnamasyny görüp şat boldy. Ol Rebbe çyn ýürekden sadyk bolmagy hemmelere ündedi. Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi. Onsoň Barnap Şawuly gözläp, Tarsusa gitdi. Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi. Şeýlelikde, doganlaryň imany has-da berkäp, olaryň sany günsaýyn artýardy. Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa, meniň begenjimiň üstüni ýetiriň: pikirdeş boluň, biri-biriňizi söýüň, ruhuňyz we maksadyňyz bir bolsun. Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,
Выбор основного перевода