Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym. „Isanyň Ýoly“ atly topara degişli adamlara ölüm howpuny salyp yzarlardym, aýal-‑erkek diýmän, elini-aýagyny baglap, hemmesini zyndana dykardym. Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm. Günorta wagty Damaska golaýlap barýarkam, birdenkä asmandan parlak nur daş-töweregime ýagty saçdy. Men ýere ýykyldym. Şol wagt: „Şawul, Şawul, näme üçin sen Maňa azar berýärsiň?“ diýen sesi eşitdim. Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Ol maňa: „Men seniň azar berýän nasyraly Isaň“ diýip jogap berdi. Meniň ýanymdakylar şöhläni görüp gorkdular, emma meniň bilen gepleşen sese düşünmediler. Men: „Ýa Reb! Men näme etmeli?“ diýip soradym. Ol hem maňa: „Ýeriňden tur-da, Damaska git. Näme etmelidigiň saňa şol ýerde aýdylar“ diýdi. Ýaňky nuruň ýalkymyndan ýaňa gözlerim kör boldy. Şonuň üçin ýanymdaky ýoldaşlarym Damaska meni idip äkitdiler. Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi. Ol meniň ýanyma gelip: „Şawul dogan! Goý, gözleriň ýene açylsyn!“ diýdi. Meniň gözlerim şol pursatda açylyp, ony gördüm. Hanany maňa: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy seni saýlady. Ol muny Onuň islegini bilmegiň, Dogry Bolany görüp, owazyny eşitmegiň üçin etdi. Sen görüp-eşidenleriňi ähli ynsanlara ýaýyp, Onuň üçin şaýatlyk edersiň. Indi nämä garaşýarsyň? Tur, Rebbi çagyryp, suwa çümdüril, günäleriňden saplan“ diýdi. Iýerusalime dolanyp gelip, ybadathanada Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men Rebbim Isany gördüm, Ol maňa: „Tiz bol, dessine Iýerusalimden git, sebäbi olar seniň Men hakdaky şaýatlygyňy kabul etmezler“ diýdi. Men: „Ýa Rebbim Isa, olar meniň sinagogadan-sinagoga aýlanyp, Saňa iman edenleri tussag edip ýenjenimi gowy bilýärler. Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim. Rebbim Isa maňa: „Bar, Men seni uzakdaky keseki milletleriň ýanyna iberýärin“ diýdi». Dogrusy, menem nasyraly Isanyň adyna garşy köp ýamanlyk etmegi öz ýanymdan wajyp bilýärdim. Men bu ýamanlygy Iýerusalimde etdim hem. Ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndana dykdym. Olar ölüme höküm edilende, muny iki elläp goldadym. Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym. Günleriň bir güni şu maksat bilen ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýarnama we tabşyryk alyp, Damaska tarap ýola düşdüm. Eý, şahym, günortanlar ýolda barýarkam, birdenkä asmanda günden hem ýagty nur gördüm. Nur meniň we ýoldaşlarymyň daş-töweregine ýalkym saçdy. Hemmämiz ýere ýykyldyk. Bir sesiň maňa arameý dilinde: „Şawul, Şawul! Näme üçin Meni yzarlap, azar berýärsiň? Tekepbirligiň bilen özüňe zeper ýetirmäňi bes et“ diýenini eşitdim. Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Reb: „Men seniň yzarlap, azar berýän Isaň. Hany, tur, aýak üstüne gal. Men seni hyzmatkärim hem şaýadym edip saýlamak üçin saňa göründim. Sen öz gören we Meniň görkezjek zatlaryma şaýatlyk edersiň. Seni öz halkyňyň we keseki milletleriň elinden azat ederin. Keseki milletleriň gözlerini açaryň ýaly, Men seni olaryň arasyna ibererin. Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi. Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim. Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim. Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.
Выбор основного перевода