Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. Şunlukda, Ýahýa peýda bolup, çölde adamlary suwa çümdürýärdi. Ol adamlara günäleriniň bagyşlanmagy üçin toba edip, suwa çümdürilmeklerini wagyz edýärdi. Ol: «Menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men eglip, Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Men sizi suwa çümdürýärin, emma Ol sizi Mukaddes Ruha çümdürer» diýip wagyz edýärdi. Isa gelmezden öň bolsa Ýahýa bütin ysraýyl halkyna toba etmegi we suwa çümdürilmegi wagyz etdi. Ýahýa özüne tabşyrylan işi tamamlamazdan öň: „Siz meni Mesih hasaplaýarsyňyzmy? Ýok, men Mesih däl. Ol menden soňra geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin“ diýdi. Hudaý ynsanlaryň geçmişdäki nadanlygyna göz ýumdy. Indi bolsa Ol hemme ýerde ähli adamlaryň toba etmegini buýurýar. Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesihe iman etmäge çagyrdym.
Выбор основного перевода