Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hoşlaşmazdan öň, olara söz berip: «Hudaý oňlasa, ýanyňyza ýene gelerin» diýdi. Şundan soň Efesi galdyryp, gämide ýola düşdi. Pawlus Kaýsariýa gelende, Iýerusalime gidip, imanlylar topary bilen görüşdi. Soňra Antiýoha gitdi. Indi bolsa Mukaddes Ruha boýun egip, Iýerusalime gidýärin. Ol ýerde başyma nämeleriň geljegini bilemok. Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi. Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim. Ençeme gezek synanyşandygyma garamazdan, hut şu hyzmatym sebäpli siziň ýanyňyza köpden bäri baryp-da bilmedim. Indi bolsa bu sebitlerdäki işimi tamamladym. Men köp ýyllardan bäri size barmagy arzuw edendigim üçin, Ispaniýa barýarkam ýanyňyza sowlup geçerin. Az salymlyk bolsa-da, siziň bilen didarlaşanymdan soň, ýol şaýymy tutup, meni ýola salarsyňyz diýen umydym bar. Häzir bolsa Hudaýyň halkyna hyzmat etmek üçin Iýerusalime barýaryn, sebäbi Makedoniýadaky we Ahaýadaky ýygnaklar Iýerusalimdäki ýygnagyň mätäçlerine maddy kömegini ibermegi makul gördüler. Hawa, olar muny göwünjeňlik bilen etdiler, aslynda olar şeýle-de etmelidiler. Çünki ýahudy imanlylar başga halklar bilen öz ruhy patalaryny paýlaşdylar. Şoňa görä-de, başga halklar hem öz gezeginde olara maddy mätäçliklerinde kömek bermäge borçludyrlar. Men olaryň maddy kömegini Iýerusalime ýetirip, bu işi bitirenimden soň, siziň üstüňiz bilen Ispaniýa ugramakçy. Siziň ýanyňyza baranymda bolsa, bilelikde geçirjek wagtymyzy Isa Mesihiň boldan-bol ýalkajakdygyna ynanýaryn.
Выбор основного перевода