Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez. Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi. Eý, doganlar! Biziň Aziýa welaýatynda başymyza inen külpetlerden siziň-de habarly bolmagyňyzy isleýäris. Bu külpetler çekip-çydardan juda agyrdy, biz diri galarys-da öýtmedik. Hawa, ajal biziň ýakamyzdan tutandyr öýtdük. Bu ýagdaý biziň özümize däl-de, diňe Hudaýa, merhumlary direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin ýüze çykypdy.
Выбор основного перевода