Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr. Derde ýarawsyz hudaýy, ýa guýma buty kim ýasaýar? Ine, onuň ähli ýoldaşlary utandyrylar, hünärmentleriň özleri adamlardyr. Ählisi ýygnanyşyp, ählisi bile dursunlar; dowla düşer olar, utanja galar. Demirçi guralyny alyp, onuň bilen közde işleýär; ol buta çekiç bilen şekil berýär, güýçli goly bilen onuň üstünde işleýär. Ol ajygyp, güýçden gaçýar; suwsuzlykdan mejalsyz bolýar. Agaç ussasy ýüp bilen ölçeýär, galam bilen bellik edýär, törpi bilen şekil berýär, isgene bilen belleýär. Buthanada goýmak üçin buty adam şekilli ýasaýar, ynsan gözelligine görä ýasaýar. Ol kedr agaçlaryny kesýär, serwi we dub agaçlaryny alýar. Tokaýyň agaçlaryndan birini saýlaýar, dagdan agajyny oturdýar, ýagyş ony ösdürýär. Agaç ynsana odun bolýar, ol getiren oduny bilen hem ýylynýar, oduny ýakyp, çörek bişirýär. Şeýle hem özüne bir taňry ýasap, ybadat edýär oňa, but ýasap, sežde edýär oňa. Odunlaryň ýarysyny ýakyp, oduň üstünde kebap bişirýär, ondan iýip doýýar. Ol ýylnyp, şeýle diýýär: «Ine, ýylyndym, alawyň howruny duýdum!» Galanyndan bolsa bir taňry ýasaýar, özüne but ýasap, sežde edýär oňa, ybadat edýär, dileg edip, şeýle diýýär: «Meni halas et, meniň taňrymsyň sen!» Olar hiç zat bilmeýärler, düşünmeýärler, çünki görmesinler diýip gözleri, düşünmesinler diýip ýürekleri baglandy. Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok. Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler. Halklaryň däp-dessurlary boşdur, tokaýdan kesilen agaja ussanyň guraly şekil berýär. Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris. Olar: «Bu adam kanuna garşy ýollar bilen halky Hudaýa sežde etmäge yrýar» diýdiler. Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.
Выбор основного перевода