Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. «Ýafo şäherinde Hudaýa doga edip otyrkam, maňa bir görnüş aýan boldy. Men ýanyma uly saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan asylyp, gökden ýere inenini gördüm. Onuň içine dykgat bilen seredip synlanymda, öý haýwanlaryndan başlap, ýabany hem süýreniji haýwanlardyr guşlary gördüm. Soňra bir sesiň maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!“ diýenini eşitdim. Men: „Ýok, ýa Reb, asla beýtmerin! Men hiç haçan haram zatlary agzyma degren däldirin“ diýdim. Emma gökden gelen ses ikinji gezek maňa: „Hudaýyň halal diýen zatlaryna haram diýmegin!“ diýdi. Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokary göge alyndy. Ine, şol wagt Kaýsariýadan iberilen üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. Onsoň Mukaddes Ruh maňa ikirjiňlenmän, olar bilen gitmelidigimi aýtdy. Ýanymdaky bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk. Ol adam hem bize öýünde özüne görnen perişde barada gürrüň berdi. Perişde oňa: „Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt. Onuň saňa aýtjak habary arkaly özüň we tutuş öý-içeriň halas bolar“ diýipdir.
Выбор основного перевода