Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar. Petrus bilen Ýohanna ol ýere baryp, olaryň hem Mukaddes Ruhy almagy üçin doga-dileg etdiler. Sebäbi Mukaddes Ruh entek olaryň hiç biriniň üstüne inmändi, olar diňe Reb Isanyň ady bilen suwa çümdürilipdi. Men söze başlanymda, Mukaddes Ruh öň biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem indi. Her bir ynsanyň ýüregini bilýän Hudaý bize beren Mukaddes Ruhuny keseki milletlere hem berdi. Şu arkaly olary kabul edendigini tassyklady.
Выбор основного перевода