Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Az salymdan soň dünýä Meni görmez, emma siz görersiňiz. Meniň ýaşaýandygym üçin, siz-de ýaşarsyňyz. Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady. Siz hem şaýatlyk edersiňiz, sebäbi başdan-aýak Meniň bilen bile bolduňyz. Isa olara: «Hany, geliň, ertirlik ediniň» diýdi. Ondan: «Sen kim?» diýip soramaga şägirtleriň hiç biri milt edip bilmedi. Olar Onuň Rebdigini bilýärdiler. Isa olaryň ýanyna geldi-de, çöregi alyp, olara berdi, balygy hem şeýle etdi. Günleriň birinde Isa olar bilen saçagyň başynda otyrka, şeýle buýruk berdi: «Iýerusalimden gitmäň, Meniň owal aýdyşym ýaly, Atamyň wada beren peşgeşine garaşyň. Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi. Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi. Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri. Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.
Выбор основного перевода