Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi. Adamyň içine girýän hiç bir zat ony murdar edip bilmez. Adamy murdar edýän zatlar onuň öz içinden çykýandyr» diýdi. Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi. Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi. Men hiç bir zadyň öz-özünden haram däldigini bilýärin, Rebbim Isa Mesih hem meni bu babatda ynandyrýar. Ýöne kim haýsydyr bir zady haram saýýan bolsa, onuň üçin haramdyr. Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr. Et bazarynda satylýan her eti iýip bilersiňiz. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň. Hudaýyň ýaradan zatlarynyň ählisi gowudyr. Şükür bilen kabul edilen her zat asla ret edilmeli däldir. Kalby päkler üçin hemme zat päkdir, ýöne azgynlar we iman getirmedikler üçin ýekeje-de päk zat ýokdur. Olaryň aň-düşünjeleri-de, ynsaplary-da murdar bolandyr.
Выбор основного перевода