Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!» Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun. Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi. Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy. Onsoň patyşa maňa: «Syrkaw däl halyňa ne beýle ýüzüň salyk? Bu ýürek gussasyndan başga hiç zat däldir» diýdi. Men juda gorkdum. Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?» Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gögüň Hudaýyndan dileg etdim. Onsoň men patyşa şeýle jogap berdim: «Eger patyşa oňlasa we men siziň nazaryňyzda hormat gazanan bolsam, onda meni Ýahuda, ata-babalarymyň mazarlary ýatan şäheriň diwarlaryny dikeltmäge goýber». Patyşa (şa aýaly-da onuň ýanynda otyrdy) menden näçe wagtlyk gitjekdigimi we haçan dolanyp geljekdigimi sorady. Men patyşa belli bir möhleti aýdanymdan soň, ol meni goýbermäge razy boldy. Soňra men patyşa: «Eger patyşa oňlasa, ol Ýahuda barýançam meni geçirerleri ýaly, menden Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimlerine hatlar iberilsin. Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi. Şonda dogrulyk gurbanlyklary, ýakma gurbanlyklary, tutuş ýakma gurbanlyklary-da Seniň göwnüňden turar. Şonda Seniň gurbanlyk sypalaryňda öküzler sadaka berler. Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar. Ýahýanyň şägirtleri bu wakalaryň baryny oňa gürrüň berdiler. Ýahýa olardan ikisini ýanyna çagyryp: «Gelmeli Şol Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip, Reb Isadan soramak üçin olary iberdi. Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir). Aýal Oňa: «Men Mesihiň geljegini bilýärin, Ol gelende bize ähli zady düşündirer» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir.)
Выбор основного перевода