Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
bendesiniň sözüni tassyklaýan, ilçileriniň aýdanlaryny amala aşyrýan, Iýerusalime: „Ilatly bolarsyň!“, Ýahuda şäherlerine: „Bular täzeden gurlar, harabalaryňy dikelderin!“ diýýän, «Git-de, efiopiýaly Ebetmelege Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu şähere garşy aýdan sözlerimi ýagşylyk bilen däl-de, ýamanlyk üsti bilen amala aşyraryn. Bular şol gün seniň gözleriňiň alnynda amala aşar. Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa. Ähli nejis işleriňiz üçin Men size öň etmedik, indem etmejek zatlarymy ederin. Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».
Выбор основного перевода