Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Indi bolsa turuň, men sizi hem-de ata-babalaryňyzy halas etmek üçin Rebbiň eden ähli dogry işleri esasynda Onuň huzurynda sizi ýazgaraýyn. Ýa Reb, men Seni pena edinýärin, meni hiç haçan utanja goýma; dogrulygyň bilen halas et meni. Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy. Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň. Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň. Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere, daş-töwerekdäki başga milletlere talaň we gülki bolan harabalyklara, terk edilen galalara şeýle diýýändir: Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz». Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz». Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».
Выбор основного перевода