Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm. Daglar emele gelmezden ozal, topragy, älem-jahany ýaratmazyňdan ozal, ezelden ebedä çenli bolan Hudaý – Sen. Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy. Bu jandarlaryň görnüşi ýanyp duran oduň közlerini ýa-da şamçyraglary ýada salýardy; ot jandarlaryň ortasynda dyngysyz hereket edýärdi. Ot şöhle saçýardy we ondan ýyldyrym çykýardy. Tigirleriň görnüşi we gurluşy şeýledi: olar sary ýakut kimin ýalpyldaýardy we dördüsi-de biri-birine meňzeşdi; olaryň görnüşleri we gurluşlary tigir içindäki tigir ýalydy. Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy. Reb eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adama: «Keruplaryň aşagyndaky tigirleriň arasyna gir. Keruplaryň aralarynda ýanyp duran közlerden goşawujyňy doldur-da, şäheriň üstüne seç» diýdi. Ol adam meniň gözümiň alnynda tigirleriň arasyna girdi. Ol eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen adama: «Tigirleriň arasyndan, keruplaryň aralygyndan köz al» diýip tabşyranynda, ýaňky adam girip, tigirleriň ýanynda durdy. Görsem, keruplaryň gapdalynda dört tigir bar eken. Her bir kerubyň gapdalynda bir tigir bardy, tigirler sary ýakut kimin ýalpyldaýardy. Onsoň owaldan Bar Bolan gelip, Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykardy. Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary üçin patyşalygy eýelemegiň wagty geldi. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy. Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi. Onuň saçlary ýüň ýaly, gar ýaly ap-akdy, gözleri alawlaýan ot ýalydy, Şol pursadyň özünde meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Men gökde bir tagtyň duranyny, onuň üstünde-de Biriniň oturandygyny gördüm. Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.
Выбор основного перевода