Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
«Mukaddes dagym Sionda Mendirin Öz patyşamy oturdan». Patyşa: «Men Rebbiň permanyny yglan edeýin» diýýär. «Sen Meniň oglumsyň, – diýdi Ol maňa – bu gün Ataň boldum Men. Menden dile, saňa bereýin milletleri miras hökmünde, tutuş älem-jahany mülk hökmünde. Oňa ähli şalar, goý, tagzym etsin, oňa ähli milletler, goý, hyzmat etsin. Ol halklar, şalyklar Rebbe sežde etmäge üýşenlerinde, Sionda Rebbiň adyny, Iýerusalimde şan-şöhratyny yglan etsinler diýip, şulary etdi. Hudaý rebbime şeýle sözledi: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur». Reb Siondan uzadar şalyk hasaňy, duşmanlaryňa ýöret sen öz hökümiňi. Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. Bellenen möhlet dolanda, men Nebukadnesar gözlerimi göge dikdim we akylyma geldim. Men Beýik Hudaýa alkyş aýtdym. Baky Ýaşaýany şöhratlandyrdym, hormatladym. Onuň hökümdarlygy ebedi hökümdarlykdyr. Patyşalygy nesilden-nesle dowam eder. Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin». Atam ähli zady Maňa tabşyrdy. Ogly Atadan başga hiç kim tanaýan däldir. Atany-da Oguldan we Ogluň Ony aýan etmek isleýän adamlaryndan başga hiç kim tanaýan däldir. Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi. Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. Çünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesihiň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir. Hudaý hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edip, imanlylar ýygnagynyň bähbidi üçin Ony ähli zada baş etdi. Şoňa görä Hudaý Ony juda beýgeltdi: Oňa ähli atdan üstün bir ady berdi. Göklerdäki, ýerdäki, ýer astyndaky her kes Isanyň ady agzalanda dyz eper, Ata Hudaýyň şan-şöhraty üçin, her dil Isa Mesihiň Rebdigini ykrar eder. Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň, Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.
Выбор основного перевода