Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol: Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan, töwereginde – güýçli gaý-tupan. Hudaýyň söweş arabalary sanardan köpdür, olaryň sany müňlerçe müňler. Taňry olaryň arasyndadyr, Ol Sinaý dagyndan mukaddes öýüne geldi. Onuň öňünden ot-alaw ýöreýär, töwerekdäki duşmanlaryny ýandyrýar. Jesetler ýakylýan bir ýer taýynlandy, hawa, ol patyşa üçin taýynlandy; ol ýer çuňňur hem giň edildi, ol odun bilen dolduryldy. Kükürt akymy kimin ony ýandyrar Rebbiň demi. Onsoň men tagtyň, janly mahluklaryň hem-de ýaşulularyň töweregindäki perişdeleri gördüm we olaryň seslerini eşitdim. Olar sanardan köpdi, müňlerçe müňdi, on müňlerçe on müňdi. Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.
Выбор основного перевода