Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Onsoň men gije şol görnüşimde gorkunç, aýylganç we gaty güýçli dördünji bir jandary gördüm. Onuň äpet uly demir dişleri bardy. Ol parçalap iýýärdi, galan-gaçanlaryny bolsa aýaklary bilen mynjyradýardy. Bu özünden öňki jandarlaryň hemmesinden tapawutlanýardy. Onuň on sany şahy bardy. Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy. Soňra asmanda başga bir alamat peýda boldy. Bu ýedi kelleli, on şahly, kellelerinde ýedi täji bolan äpet gyzyl aždarhady. Seniň gören on şahyň bolsa heniz patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Ýöne olar jandar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar alarlar.
Выбор основного перевода