Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ine, demirgazyk tarapdaky ýokarky derwezäniň ýolundan alty adam geldi. Her biriniň elinde gyrýan ýaragy bardy, aralarynda bolsa eginbaşy nepis zygyr matadan tikilen we bili ýazuw esbaply bir adam bardy. Olar içeri girip, bürünç gurbanlyk sypasynyň ýanynda durdular. Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?» Başymy galdyryp seretsem, ine, eginbaşy nepis zygyr matadan, bili sap altyndan kemerli biri durdy.
Выбор основного перевода