Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi. Pitne turzany sebäpli gündelik ýakma gurbanlygy goşun bilen birlikde onuň ygtyýaryna berildi. Ol hakykaty ýere çalyp, her bir eden işinde üstünlik gazandy. Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?» Ol: «Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes öý adalatsyzlykdan tämizlener» diýip jogap berdi. Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker». Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler. Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin. Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.
Выбор основного перевода