Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Birinji aýyň ýigrimi dördünji güni men beýik derýanyň Tigr derýasynyň kenarynda durdum. Başymy galdyryp seretsem, ine, eginbaşy nepis zygyr matadan, bili sap altyndan kemerli biri durdy. Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy. Men Danyýel ol görnüşi ýeke özüm gördüm. Meniň ýanymdakylar muny görmediler, gaýtam olary elhenç gorky gaplap aldy, olar gizlenmek üçin gaçyp gitdiler. Şeýdip, men ýeke galdym. Bu beýik görnüşi görenimde, mende güýç galmady, ýüzümde reňk-pet galmady, men takatdan düşdüm. Deňziň we ýeriň ýüzünde duranyny gören perişdäm sag elini göge galdyrdy.
Выбор основного перевода