Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Men bolsa dogrulykda Seniň ýüzüňi görerin, oýanan wagtym didaryňdan doýaryn. Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, toprakdaky merhumlar ýaşaýşa ýeter. Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni Öz ruhy bilen getirip, düzlügiň ortasynda goýdy; düzlük süňklerden doludy. Ol meni olaryň arasyndan her tarapa geçirdi. Düzlükde süňkler san-sajaksyzdy. Olar gaty gurandy. Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler direlip bilermi?» diýip sorady. Men: «Ýa Hökmürowan Reb, muny Sen bilýärsiň» diýip jogap berdim. Onsoň Ol maňa bu süňkler hakda pygamberlik edip, olara şulary aýt diýdi: «Eý, gury süňkler, Rebbiň sözüni eşidiň! Hökmürowan Reb bu süňklere şeýle diýýär: „Ine, Men size nepesimi üflärin, siz direlersiňiz. Üstüňize siňirler çekip, size et bitirerin, üstüňize deri geýdirip, içiňize nepesimi üflärin; siz direlersiňiz we Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Men özüme tabşyrylyşy ýaly, pygamberlik etdim. Pygamberlik edip durkam, bir goh turdy, şakyrdy boldy. Süňkler biri-birine, ýagny her süňk özüne degişli süňke ýakynlaşdy. Men seredip durkam, olaryň üstlerinde siňirler we et peýda boldy; ýokardan olary deri gaplady; ýöne olaryň nepesi ýokdy. Onsoň Ol maňa nepese pygamberlik et, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, nepese aýt diýdi: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eý, nepes, şemal bolup, çar tarapdan öwüs-de, bu öldürilenleriň üstüne üfle, olar direlsinler“». Şeýlelikde, Onuň maňa tabşyryşy ýaly, pygamberlik etdim we nepes olaryň içine girdi. Olar direlip, köp, örän köp goşun kimin aýak üstüne galdylar. Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar». Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler. Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn. Deňiz özündäki ölüleri berdi. Ölüm we ölüler dünýäsi-de özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine eden işlerine görä kazylyk edildi.
Выбор основного перевода