Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary çadyra girip, iň mukaddes otagy bölüp duran tutyny aýyrsynlar we onuň bilen Äht sandygyny basyrsynlar. Onuň üstüni saýlama deriden edilen ýapynja bilen ýapyp, üstüne gök keteni çeksinler we sandygyň syryklaryny ýerine goýsunlar. Hödür çörekleri goýulýan hantagtanyň üstüne gök keteni ýazyp, onuň üstünde tabaklary we jamlary, içgi sadakasy üçin küýzeleri we şakäseleri goýsunlar. Hemişelik çörek hem onuň üstünde bolsun. Soňra olaryň üstünden gyrmyzy mata ýapyp, ony hem saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. Çyradany, onuň çyralaryny, müçeneklerini, nowalaryny we zeýtun ýagy salynýan ähli gaplaryny gök keteni bilen basyrsynlar. Onsoň ähli enjamlary bilen bilelikde ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyryp, zemmeriň üstünde goýsunlar. Altyndan edilen sypanyň üstüne gök keteni ýapyp, ony saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar we onuň syryklaryny ýerine oturtsynlar. Mukaddes öýde ybadat edilende ulanylýan ähli enjamlary alyp, olary gök ketenä dolasynlar we saýlama deriden edilen ýapynja bilen basyrsynlar. Onsoň olary zemmeriň üstünde goýsunlar. Gurbanlyk sypasynyň üstünden küli aýryp, üstüne gyrmyzy matany ýapsynlar. Onuň üstüne gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, ýagny ybadat edilende ulanylýan maňňallary, çarşaklary, kül atarlary, legenleri goýup, üstüne saýlama deriden edilen ýapynjany ýapsynlar we syryklaryny ýerine oturtsynlar. Düşelge göçmeli bolanda, Harun we onuň ogullary mukaddes öýi we onuň ähli esbaplaryny basyryp bolansoňlar, kohatlar bulary götermäge gelerler. Ýöne olar mukaddes zatlara galtaşmasynlar, ýogsam ölerler. Ine, kohatlaryň çadyrdaky göterjek zatlary şulardyr. Rebbiň sandygyny göterijiler alty ädim ýöränden soň, Dawut bir öküz bilen semiz göläni gurbanlyk berdi. Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.
Выбор основного перевода