Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý. Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin. Musa çadyra girende, bulut sütüni aşak düşüp, çadyryň girelgesinde durardy we Reb Musa bilen gepleşerdi. Bulut sütüniniň çadyryň girelgesinde duranyny görende, tutuş halk çadyrlarynyň girelgesinde durup sežde ederdiler. Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy. Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»
Выбор основного перевода