Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gurbanlyk sypasynyň üstüne ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, ysraýyl baştutanlarynyň onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür eden sadakalary, ine, şulardan ybaratdy: on iki kümüş tabak, on iki kümüş legen we on iki altyn jam. Salamatlyk gurbanlygy üçin bagyş edilen mallaryň jemi sany: ýigrimi dört öküz, altmyş goç, altmyş teke we altmyş birýaşar erkek tokly boldy. Bular gurbanlyk sypasyna ýag sepeläp, mukaddes edilenden soň, onuň bagyş ediliş dabarasyna hödür edilen sadakalardyr. Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar. Süleýman Rebbe salamatlyk gurbanlygy hökmünde ýigrimi iki müň öküz, bir ýüz ýigrimi müň goýun berdi. Şeýdip, patyşa we bütin ysraýyl halky Rebbiň öýüniň açylyş dabarasyny etdiler. Sekizinji gün mukaddes ýygnanyşyk boldy. Gurbanlyk sypasynyň bagyş ediliş dabarasyny ýedi gün, baýramy-da ýedi gün tutdular. Onsoň ysraýyl halky, ruhanylardyr lewiler we sürgünden gaýdyp gelen başgalar hem Hudaýyň bu öýüniň bagyşlanma dabarasyny uly şatlyk bilen bellediler. Iýerusalim diwary Hudaýa bagyş edilende, lewileri Iýerusalime getirjek bolup, ähli ýerlerden gözlediler. Lewiler şatlyk, şükürlerdir we aýdymlar bilen kimwallar, arfalar we liralar bilen Iýerusalim diwarynyň bagyş ediliş dabarasyny bellemek üçin gerekdi. Dawudyň mezmury. Ybadathana bagyş edilende aýdylýan nagma. Ýa Reb, Seni beýgeltjek, çünki Sen ýokary meni galdyrdyň, meni duşman gülküsine goýmadyň. Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat- -perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň. Ýa Reb, Sen meniň janymy ölüler dünýäsinden çykaryp aldyň; gabra inmezim ýaly, ýaşaýyş berdiň. Eý, Rebbiň sadyklary, Oňa nagmalar aýdyň; mukaddes adyna şükürler ediň. Çünki bir salymlyk Onuň gazaby; ömürboýy dowam edýär mähribanlygy. Agşamdan daňa çenli agy ýaňlanar, ertirine bolsa şadyhorramlyk geler. Men şeýle diýdim öz rahatlygymda: «Meni asla hiç zat sarsdyrmaz». Ýa Reb, Öz hoşamaýlygyň bilen meni dag dek kuwwatly etdiň; gizlediň Sen menden ýüzüňi, şonda gorky gaplady meni. Ýa Reb, Seni çagyrdym; Taňrymdan merhemet diläp, dat-perýat etdim. Diýdim «Men ölüp, inemde gabra, munuň peýdasy bolarmy Saňa? Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi? Seniň wepalylygyňy beýan edermi?» Ýa Reb, meni eşit-de, merhemet eýle! Ýa Reb, Sen bol meniň kömekçim. Sen meniň ýasymy toýa öwürdiň, ýas julumy çykaryp, meni begenç lybasyna beslediň. Kalbym Saňa nagma aýtsyn, dymmasyn. Saňa baky şükür etjek, ýa Beýik Hudaýym!
Выбор основного перевода