Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň. Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. Eger siz tamdyrda ýapylan petiri sadaka bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan bişirilen, zeýtun ýagyna ýugrulan, hamyrmaýasyz külçeler ýa-da ojakda bişirilen, ýüzüne zeýtun ýagy çalnan çelpekler bolsun. Eger tabada bişirilen galla sadakasyny bermekçi bolsaňyz, onda ol saýlama bugdaý unundan, zeýtun ýagyna ýugrulyp bişirilen petir bolsun. Sadaka berýän petiri dograp, üstüne zeýtun ýagyny guýsun – bu galla sadakasydyr. Eger siziň berýän galla sadakaňyz saçda bişirilen petir çörek bolsa, onda ol saýlama bugdaý unundan edilen hem-de zeýtun ýagyna ýugrulan bolsun. adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça bäş şekel kümüş al. Bir şekel iki mysgala deňdir. Şu hili sadakany beren adam onuň ýany bilen bir küýze zeýtun ýagyna ýugrulan, bir batmanyň ondan biri möçberindäki saýlama bugdaý unundan galla sadakasyny hem bersin.
Выбор основного перевода