Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr. Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler. Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler. Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir. Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun. Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý. Reb Musa şeýle diýdi: «Saýlama bugdaý unundan on iki sany çörek bişirt, olaryň her biriniň agramy ondan iki batmana barabar bolsun. Olary Rebbiň huzurynda sap altyndan bolan hantagtanyň üstünde alty-altydan iki hatar edip goý. Her hatar çöregiň ýanynda Rebbiň ýoluna hödür edilen paý hökmünde sap arassa, ýakymly ysly tütetgiden goý. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka bolup, ol çöregiň ornuny tutar. Harun bulary adat boýunça her Sabat güni Rebbiň huzurynda goýsun. Bu ysraýyl halkynyň ebedilik borjudyr. Bu çörekler Harun we onuň ogullarynyňkydyr. Olar mukaddes ýerde iýilsin. Çünki Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlarynyň içinde ruhanylar üçin örän mukaddesi şudur. Bu siziň üçin ebedi parzdyr».
Выбор основного перевода