Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler. Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun. Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn. Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin. Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin. Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar. Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar. Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun. Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň. Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň. Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar. Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun. Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň. Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň. Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn. Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja, haýadyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.
Выбор основного перевода