Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler. Emma ol kohatlara hiç zat bermedi, çünki olaryň wezipesi mukaddes zatlary eginlerinde daşamakdy. Nakonyň harman jaýyna ýetenlerinde, olaryň öküzleri büdredi, Uza elini uzadyp, Hudaýyň sandygyndan tutdy. Uza garşy Rebbiň gahary geldi. Biperwaýlyk edendigi üçin, Hudaý ony şol ýerde öldürdi. Uza edil Hudaýyň sandygynyň ýanynda jan berdi.
Выбор основного перевода