Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň. Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. Ussatlyk bilen garyp, bulardan mesh ýagyny ýasa. Bu mukaddes mesh ýagydyr. Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.) Atyr ýasaýjy garyp, olardan hoşboý ysly tütetgi ýasa. Oňa duz hem goş, ol sap we mukaddes bolsun. Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyl halkyna buýur: her gün yşyk bolar ýaly, saňa çyra üçin ýenjilen zeýtunyň sap arassa ýagyny getirsinler. Harun çyrany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daşynda, Rebbiň huzurynda her gün agşamdan ertire çenli ýanyp durar ýaly edip goýsun. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun. Ruhany Harunyň ogly Elgazar lewi baştutanlarynyň başlygydy we mukaddes zatlara jogapkärçilik çekýän lewileriň üstünden garaýardy.
Выбор основного перевода