Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Uly tirelere uly, kiçi tirelere kiçi mülk ýer beriň. Her bir tirä hasaba alnan sanyna görä mülk berilmelidir. Lewileriň galalary barada aýtsak, lewiler özlerine degişli galalardaky öýlerini islän wagtlary yzyna satyn alyp bilerler. Lewileriň biri özlerine degişli bolan galalaryň birindäki öýi satyp, ony yzyna satyn almasa, öý baýram ýyly onuň özüne gaýtarylyp berilsin. Çünki lewileriň galalaryndaky öýleri olaryň ysraýyl halkynyň arasyndaky mülkleridir. Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir. Lewi tiresiniň ýolbaşçylary Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ähli Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň ýanyna geldiler. Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin öri meýdanlar bermegi Musa arkaly buýrupdy» diýdiler. Şeýlelikde, Rebbiň buýrugy boýunça ysraýyllar lewilere öz mülk ýerlerinden şu aşakdaky galalary we öri meýdanlaryny berdiler. Ilkinji kohat urugynyň bijesi çykdy. Lewilerden bolan Harun ruhanynyň nesillerine bije boýunça ýahuda, şimgon we benýamin tirelerinden saýlanyp, on üç gala berildi. Beýleki galan kohat urugyna bije boýunça efraýym, dan tirelerinden we günbatardaky manaşa tiresinden on gala berildi. Gerşon urugy hem bije atyşykda ysakar, aşer, naftaly tirelerinden we Başandaky manaşa tiresinden özlerine on üç gala aldylar. Merary urugy özlerine ruben, gat we zebulun tirelerinden on iki gala aldylar. Şeýlelikde, ysraýyllar Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, bu galalary öri meýdanlary bilen birlikde lewilere bije boýunça paýlap berdiler. Ysraýyllar lewilerden bolan kohat urugyndan Harunyň nesillerine ýahuda we şimgon tireleriniň haýsy galalaryny bermelidigini kesgitlediler, sebäbi olaryň bijesi birinji çykypdy. Ysraýyllar lewilerden bolan kohat urugyndan Harunyň nesillerine ýahuda we şimgon tireleriniň haýsy galalaryny bermelidigini kesgitlediler, sebäbi olaryň bijesi birinji çykypdy. Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar. Emma galanyň ýakynyndaky açyk meýdanlaryny we onuň obalaryny bolsa Ýepunne ogly Kalep mülk ýer hökmünde alypdy. Harun ruhanynyň nesillerine ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Hebron galasyny we Libnany, Ýatyry, Eştemowany, Holony, Debiri, Aýyny, Ýutany, Beýtşemeşi, olaryň her biriniň öri meýdanlary bilen bile bu iki tireden jemi dokuz gala berdiler. Olar benýamin tiresinden hem şu galalary aldylar: Gibgony, Gebany, Anatody we Almony, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile jemi dört gala. Şu sanalan on üç gala öri meýdanlary bilen bile Harun ruhanynyň nesillerine berildi. Lewileriň kohat nesliniň galan bölegi bije boýunça efraýym tiresinden galalar aldylar. Olar ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Efraýym daglygyndaky Şekem galasyny, şeýle hem Gezeri, Kibsaýymy, Beýthorony öri meýdanlary bilen bile olara berdiler. Bular jemi dört galadyr. Olar dan tiresinden Elteke, Gibeton, Aýalon we Gatrimmon galalaryny öri meýdanlary bilen bile aldylar. Bular jemi dört galadyr. Olara günbatardaky manaşa tiresinden şu galalary: Tagnagy, Gatrimmony – jemi iki galany öri meýdanlary bilen bile berdiler. Şu ýokarda sanalan on gala, öri meýdanlary bilen birlikde kohat nesilleriniň galan bölegine berildi. Lewileriň gerşon urugyna gündogardaky manaşa tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Başandaky Golan galasy we Beýeşterag – jemi iki gala, olaryň öri meýdanlary bilen bile berildi. Ysakar tiresinden bolsa olara Kişýon, Daberat, Ýarmut, Eýngannym galalaryny – jemi dört galany olaryň öri meýdanlary bilen bile aldylar. Aşer tiresinden olara Mişal, Abdon, Helkat we Rehop galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi. Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary – jemi üç gala öri meýdanlary bilen bile berildi. Şu sanalan on üç gala, olaryň öri meýdanlary bilen birlikde gerşon urugyna berildi. Lewileriň galan merary urugyna bolsa zebulun tiresinden galalar berildi. Olara Ýoknegam, Korta, Rimmon, Nahalal galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi. Ruben tiresinden olara Beser, Ýahsa, Kedemot, Meýpagat galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi. Gat tiresinden olara ganhorlara gaçybatalga edilip bellenen Gilgatdaky Ramot galasy we Mahanaýym, Heşbon, Ýazer galalary öri meýdanlary bilen bile berildi. Bular jemi dört galadyr. Şeýlelikde, lewileriň galan merary urugynyň paýyna bije boýunça jemi on iki gala düşdi. Ysraýyllardan lewilere mülk hökmünde berlen galalaryň jemi öri meýdanlary bilen birlikde kyrk sekiz boldy. Şol galalaryň her biriniň daş-töweregini öri meýdan gurşap alýardy. Öri meýdansyz ýekeje-de gala ýokdy.
Выбор основного перевода