Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ol ony bilkastlaýyn öldürmän, eýsem, bu Hudaý tarapyn bolsa, onda ol adam Meniň bellejek ýerime gaçyp gutulyp biler. Hudaýyňyz Reb size berjek ýurdunyň halklaryny ýok edende, siz olary kowup çykaryp, olaryň galalarynda we öýlerinde ornaşanyňyzda, Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berjek ýurduny üç bölege bölüp, her bölekden bir galany saýlaň. Adam öldüren ganhor olaryň birine gaçyp baryp gutulyp biler ýaly, bu galalara barmak üçin ýollar çekiň. Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berjek ýurduny üç bölege bölüp, her bölekden bir galany saýlaň. Adam öldüren ganhor olaryň birine gaçyp baryp gutulyp biler ýaly, bu galalara barmak üçin ýollar çekiň. Ganhor ol ýere, ine, şeýle ýagdaýda gaçyp baryp, diri galyp biler: tötänlikde başga birini öldüren bolsa we ol ikisiniň arasynda öň hiç hili duşmançylyk ýok bolsa, ol ýere gaçyp gutulyp biler. Aýdaly, bir adam beýleki bir adam bilen tokaýa odun çapmaga gidýär. Olaryň biri agaç çapyp durka, palta sapyndan sypyp, ýanyndaka degýär we ol hem şondan ölýär. Şeýle ýagdaýda ol ganhor bu galalaryň birine gaçyp gutulyp biler. Eger ýol gaty uzak bolsa, öldürileniň hossary öç almak üçin ganhoryň yzyndan gazap bilen kowalap ýetip öldürer. Emma olaryň arasynda öň duşmançylygyň ýokdugy üçin, ol öldürilmeli däldir. Şonuň üçin hem men size: „Özüňize üç galany saýlaň“ diýip buýruk berdim. Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň. Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa, ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň. Oňa rehim etmäň, bigünä gany Ysraýyldan ýuwup aýryň, şonda siz gowy günler görersiňiz. «Ysraýyllara aýt: Men size Musanyň üsti bilen gaçybatalga galalary barada aýdypdym. Şolaryň haýsy galalar bolmalydygyny siz öz araňyzda kesgitläň. Tötänlikden ýa-da ýalňyşlyk bilen adam öldüren ganhor ol ýere gaçyp, özüni gorap biler. Goý, ol galalar ganhorlar üçin öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolsun. Kimde-kim şol galalaryň birine gaçyp barsa, ol adam galanyň girelgesinde, derwezäniň agzynda durup, şol galanyň ýaşulularyna eşitdirip, öz ýagdaýyny habar bersin. Olar ol adamy öz ýaşaýjylarynyň biri hökmünde kabul edip, oňa öz aralarynda galada ýaşamaga orun bererler. Eger-de onuň yzyndan öldürileniň hossary ar almak üçin gelse, onda galadaky ýaşulular ganhory onuň eline bermeli däldirler, sebäbi ganhor onuň ýakynyny bilkastlaýyn öldürmändir. Öldüren adamy bilen onuň öň hiç hili duşmançylygy bolmandyr. Jemagat üýşüp, ganhor barada höküm çykarýança we tä şol wagtky baş ruhany ölýänçä, goý, ol şol galada ýaşabersin. Soňra ol gaçyp gaýdan galasyna, öz öýüne dolanyp biler».
Выбор основного перевода