Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger-de biri demirden ýasalan zat bilen başga birini urup öldürse, ol adam ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun. Ölüme höküm edilen adamy iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen öldüriň. Diňe bir şaýadyň güwäsi bilen öldürmäň. Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. Emma gulak asmasa, bir ýa iki adamy ýanyňa alyp bar, aýdylan her bir söz iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. Häzir siziň ýanyňyza üçünji gezek barýandyryn. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «Ähli zat iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn» diýip ýazylandyr. Musanyň kanunyny ret eden adam iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen rehimsiz öldürilýärdi.
Выбор основного перевода