Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Lewileriň galalary barada aýtsak, lewiler özlerine degişli galalardaky öýlerini islän wagtlary yzyna satyn alyp bilerler. Lewileriň biri özlerine degişli bolan galalaryň birindäki öýi satyp, ony yzyna satyn almasa, öý baýram ýyly onuň özüne gaýtarylyp berilsin. Çünki lewileriň galalaryndaky öýleri olaryň ysraýyl halkynyň arasyndaky mülkleridir. Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir. Sebäbi Musa iki tirä we manaşa tiresiniň ýarysyna mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi. Ýusubyň neslinden manaşa we efraýym tireleri gelip çykdy. Musa lewilere ýerden paý bermändi, olara ýaşamak üçin diňe galalary, maldarçylyk we başga emläkleri üçin öri meýdanlaryny beripdi. Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin öri meýdanlar bermegi Musa arkaly buýrupdy» diýdiler.
Выбор основного перевода