Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma lewiler öz tirelerine görä hasaba alynmadylar. «Diňe lewi tiresiniň adamlaryny hasaba alma, olary ysraýyl halky bilen bile sanama. Rebbiň buýrugyna görä, Musa bilen Harunyň uruglaryna görä hasaba alan, bir aýlyk we ondan ýokary ýaşda bolan lewileriň erkek göbeklileriniň sany ýigrimi iki müň boldy. Soňra Reb Haruna şeýle diýdi: «Olaryň topragynda seniň mülküň bolmaz, olaryň arasyndan saňa paý berilmez. Ysraýyllaryň arasyndaky seniň paýyň we mülküň Mendirin. Lewilere Rebbe ýüz tutulýan çadyrda edýän hyzmatlarynyň öwezine paý hökmünde ysraýyllaryň Maňa berýän hemme ondan birini berdim. Mundan beýläk ysraýyllar Rebbe ýüz tutulýan çadyra golaýlaşmasynlar, ýogsam olar günäleri üçin jeza çekip ölerler. Rebbe ýüz tutulýan çadyryň hyzmatyny lewiler etsinler, olar öz hata işlerine jogapkär bolarlar. Bu size nesiller boýy ebedilik parz bolsun. Ýöne ysraýyllaryň arasynda lewileriň mülki bolmaz. Sebäbi Men lewilere paý edip, ysraýyllaryň Maňa sadaka hökmünde berýän ondan birini berdim». Şonuň üçin hem, Men lewilere ysraýyl halkynyň arasyndan miras bermerin diýdim. Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur. Musa diňe lewi tiresine mülk bermedi. Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, lewileriň mirasy Ysraýyl Hudaýy Reb üçin ot üsti bilen berilýän gurbanlyklardyr.
Выбор основного перевода